Žaparow: Eýran-Türkmenistan-Özbegistan-Gyrgyzystan ugrunda synag konteýner otlusynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENİSTAN
Žaparow: Eýran-Türkmenistan-Özbegistan-Gyrgyzystan ugrunda synag konteýner otlusynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Halk gurultaýynda çykyş edýär, 2023-nji ýylyň 15-nji dekabry, Bişkek, Gyrgyz Respublikasy. (Surat: “Kabar” agentligi)

Eýran-Türkmenistan-Özbegistan-Gyrgyzystan ugry boýunça synag konteýner otlusyny işe girizmek meselesine garalýar. 

Gyrgyz Respublikasynyň “Kabar” milli habar agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow anna güni Bişkek şäherinde geçirilen ýurduň Halk gurultaýynda (Mejlisinde) eden çykyşynda mälim etdi.

Şeýle hem Sadyr Žaparow öz çykyşynda Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýolunyň gurluşygynyň ýakyn wagtda başlajakdygyny aýtdy.

Ozal Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň ulag gatnaşyklarynyň ösüşine täze itergi berjek Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan demir ýol taslamasynyň gurluşygyna gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

2022