Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ulag gatnaşyklarynyň ösüşine täze itergi berjek Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan demir ýol taslamasynyň gurluşygyna gyzyklanma bildirýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinentiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew 25-26-njy sentýabrda Hytaýyň Pekin şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň ulag ministrleriniň birinji duşuşygyndaky çykyşynda mälim etdi.
Baş direktoryň orunbasary şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Merkezi Aziýa sebitini möhüm ulag-üstaşyr merkeze öwürmäge, bu sebit arkaly Hytaý bilen Ýewropanyň we aýlag ýurtlarynyň arasynda ýükleri daşamaga hem-de söwdany ösdürmäge ýardam etjekdigini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinentiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berýär.
Batyr Annaýew şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda bar bolan mümkinçiliklere degişli ýurtlaryň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi. Ägirt uly gurluşyk we döwrebaplaşdyrmak işleriniň netijesinde ýurduň iri deňiz porty ýöriteleşen terminallara eýe bolan köpugurly ulag-üstaşyr merkeze öwrüldi. Deňiz menzili ýylda 17 million tonna töweregi ýüki, şol sanda 300 müň ýolagçyny, 75 müň ýük awtoulagyny we 400 müň sany konteýner ýüklerini daşamaga ukyplydyr. Port bir wagtda 17 sany ýük gämisine hyzmat edip bilýär..
Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan demir ýol taslamasyny durmuşa geçirmek üçin degişli ýurtlaryň çäklerinde demir ýol şahasynyň 454 kilometrini gurmak göz öňüne tutulýar. Bu demir ýol, soňra Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň demir ýollaryna birikmek arkaly Täze yüpek ýoly ulag ulgamynyň bir bölegi hökmünde Yewropanyn demir ýol ulgamyna birikdirler.