Türkmenistanda GDA kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 478 maýa goýum taslamasy hasaba alyndy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda GDA kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 478 maýa goýum taslamasy hasaba alyndy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow GDA agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde çykyş edýär, 2023-nji ýylyň 18-nji dekabry, Moskwa, Russiýa. (Surat: GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti)

Häzirki wagtda Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 478 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow duşenbe güni Moskwada geçirilen GDA agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy. Bu barada “Baku TV” teleýaýlymy habar berýär.

Hojamyrat Geldimyradowyň aýtmagyna görä, hasaba alnan bu taslamalaryň umumy bahasy bäş milliard ABŞ dollaryna golaýlaýar.

Wise-premýer çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň GDA-nyň birnäçe döwletleri bilen işjeň ösýän ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryna ünsi çekdi. Bu gatnaşyklar yzygiderli ilerledilýän durnukly ösüş üçin berk binýady döredýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary özara bähbitli ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine hem-de ösdürilmegine, halkara ykdysady gatnaşyklaryň utgaşdyrylmagy üçin amatly gurşawyň döredilmegine Türkmenistanyň uly ähmiýet berýändigini hem belledi.

Şeýle-de Hojamyrat Geldimyradow ulag we energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň hilini gowulandyrmaga hem-de häzirki zaman desgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ösdürilmegini GDA döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görýändigini aýtdy.

2022