2024-nji ýylyň iýunynda Garabogazda gurulýan köprüden ilkinji ulaglar geçip ugrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
2024-nji ýylyň iýunynda Garabogazda gurulýan köprüden ilkinji ulaglar geçip ugrar
Türkmenistanyň Garabogazköl aýlagynyň üstünden gurulýan täze awtomobil köprüsi, Balkan welaýaty, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Garabogazköl aýlagynyň üstünden gurulýan täze awtomobil köprüsinden ilkinji ulaglar 2024-nji ýylyň iýun aýynda geçip ugrar. Bu barada Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýewiň “Türkmenistan” gazetinde sişenbe güni çap edilen makalasynda aýdylýar.

Täze köprüniň gurluşyk işlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň Garabogazköl aýlagynyň üstünden awtomobil köprüsini gurmak hakyndaky Karary esasynda, 2022-nji ýylyň tomus paslynyň ortasynda girişildi.

Makalada bellenilişi ýaly, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň buýurmasy esasynda taslama işleri “Altkom” ýol gurluşyk kompaniýasy tarapyndan türkmen hünärmenleri bilen bilelikde alnyp barylýar.

Garabogazyň üstünden gurulýan ini 21 metr, ikitaraplaýyn gatnawly, 2 sany hereket zolagyndan ybarat bolan köprüniň umumy uzynlygy 354 metre barabar bolup, köprä eltiji ýollaryň uzynlygy 2 kilometre ýetýär.

“Beýik Ýüpek ýoluny zamanabap dikeldýän, dünýäniň ulag-logistika düzümine barha ynamly goşulýan Türkmenistan häzir Demirgazyk — Günorta ulag-logistika düzüminiň “altyn halkasyny” gurýar. Şeýlelikde, Gazagystandan gaýdýan halkara awtomobil ýoly Garabogazyň üstündäki köprüden ötüp, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geler. Bu ýoluň beýleki bir şahasy Eýrana barar, ondan aňryk Türkiýä, Ýewropa hem-de ilerde arap ýurtlaryna tarap gider” diýip makalada bellenilýär.

Şeýle hem “Türkmenistan” gazetinde çap edilen makalada täze köprüniň üstünden 40 — 50 tonnalyk ýük göteriji ulaglaryň geçip biljekdigi nygtalýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022