Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşýar
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti, 2023-nji ýylyň 26-njy dekabry, Sankt-Peterburg, Russiýa. (Surat: TASS)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan gatnaşýar.

“Interfaks” agentliginiň habar bermegine görä, resmi däl sammit Sankt-Peterburgyň köşk we seýilgäh toplumlaryna gezelenç bilen başlandy. Günüň ikinji ýarymynda sammite gatnaşyjylar “Pawlowsk” muzeý-goraghanasyna bardylar. Soňra bolsa sammite gatnaşyjylar “Tsarskoýe Selo” we “Petergofa” baryp görerler.

GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti Strelnadaky Konstantinowskiý köşgünde geçiriljek duşuşyk bilen tamamlanar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, özüniň bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolup durýan Türkmenistan GDA gatnaşyjy döwletler bilen gatnaşyklary deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda, her bir tarapyň milli bähbitlerini we umumy maksatlary nazara almak bilen ýola goýýar.

GDA döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarly Türkmenistan GDA giňişligindäki gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar.

2022