Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-de iş saparynda bolýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-de iş saparynda bolýar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE-niň energetika ministri Suhaýl Al Mazrui bilen geçiren duşuşygy, 2024-nji ýylyň 4-nji ýanwary, Abu-Dabi, BAE.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeş boldy.

BAE-niň paýtagty Abu-Dabi şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy BAE-niň energetika ministri Suhaýl Al Mazrui we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE-niň energetika ministri Suhaýl Al Mazrui hem-de BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işleri boýunça wekili Mohammed Said Mohammed Al Ariki bilen ikiçäk duşuşyklary geçirildi. Söhbetdeşlikleriň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň okgunly ösýän ýurtlarynyň biri hökmünde BAE bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmeginde Türkmenistan tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat we agrosenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlara uly üns berilýändigi bellenildi.

2022