Balkan welaýatyndaky “Nebitgazçykaryş” trestine 30 sany täze buldozer gelip gowuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkan welaýatyndaky “Nebitgazçykaryş” trestine 30 sany täze buldozer gelip gowuşdy
“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazçykaryş” trestine gelip gowşan TY 160G kysymly täze buldozerler, Balkan welaýaty, Türkmenistan.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň merkezinde ýerleşýän “Nebitgazçykaryş” trestine TY 160G kysymly täze buldozerleriň 30-sy gelip gowuşdy.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazetiniň duşenbe güni habar bermegine görä, konserniň Balkanabat şäherindäki Maddy enjamlaýyn serişdeler we üpjünleýiş müdirliginiň meýdançasynda geçirilen täze buldozerleri gowşurmak dabarasyna konserniň ýurduň günbatar sebitindäki edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, köp sanly nebitçiler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýaşulylar gatnaşdylar.

Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan kuwwatly buldozerler trestiň nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek üçin ulanmaga niýetlenilendir.

Şeýle hem täze buldozerler dürli nebit-gaz ýataklarynda gurluşyk-gurnama işlerini alyp barmakda, turbalary çekmekde we olaryň üstüni toprak bilen örtmekde, uglewodorod ýataklaryna barýan täze ýollary gurmakda hem-de bar bolan ýollary süýşmelerden arassalamakda we buraw desgalary üçin meýdançalary taýýarlamakda giňden peýdalanylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022