FAO: noýabr aýynda ösümlik ýaglarynyň dünýädäki bahasy ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO: noýabr aýynda ösümlik ýaglarynyň dünýädäki bahasy ýokarlandy
Müşderi günebakar ýagyny saýlaýar, Russiýa. (Surat: RIA Nowosti/ Wladimir Astapkowiç)

Geçen ýylyň noýabr aýynda ösümlik ýaglarynyň dünýädäki bahasy 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndaky dereje bilen deňeşdirilende 3,4 göterim ýokarlandy. Hususan-da, palma ýagynyň bahasy 6 göterimden gowrak ýokarlanyp, muňa esasan hem import ediji ýurtlaryň bu önüme bolan isleginiň köpelmegi we esasy öndüriji ýurtlarda möwsümleýin önümçiligiň peselmegi sebäp boldy. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda günebakar ýaglarynyň bahasy hem artdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) hasabatyna görä, ösümlik ýaglarynyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen öwezini dolýan galla önümleriniň halkara bahalarynyň peselmegine garamazdan, geçen ýylyň noýabr aýynda azyk önümleriniň dünýädäki bahalary durnukly bolup galdy.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi noýabr aýynda ortaça 120,4 bala ýetdi. Häzirki wagtda bu indeks 2022-nji ýylyň noýabr aýy bilen deňeşdirilende 10,7 göterim peseldi. 2023-nji ýylyň oktýabr aýy bilen deňeşdirilende FAO-nyň galla önümleriniň bahasynyň indeksi 3 göterim peseldi.

FAO-nyň süýt önümleriniň baha görkezijisi noýabr aýynda Demirgazyk-Gündogar Aziýada we Günbatar Ýewropada bu önümleriň importyna bolan ýokary islegiň netijesinde oktýabr aýy bilen deňeşdirilende 2,2 göterim artdy.

FAO-nyň şeker baha indeksi geçen ýylyň oktýabr aýy bilen deňeşdirilende 1,4 göterim artyp, bu görkeziji 2022-nji ýylyň noýabr aýyndaky indeksden 41,1 göterim ýokary boldy.

FAO-nyň et baha indeksi towugyň, doňuzyň, sygyryň etiniň dünýädäki bahalarynyň birneme peselmegi sebäpli 2023-nji ýylyň oktýabr aýy bilen deňeşdirilende noýabr aýynda 0,4 göterim peseldi.

2022