Türkmenistan ýakyn wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan gämileri kabul etmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe güni çap edilen sanynda habar berilýär.
Türkmenistan Hazar deňiziniň türkmen bölegindäki nebit we gaz ýataklaryna hyzmat edýän ýük çekiji we üpjün ediji gämileriň sanyny artdyrmaga aýratyn üns berýär.
Türkmenistanistanyň Maýa goýum taslamalary deňiz söwda flotunyň düzüminde demir ýol we awtoulag tirkegli ýükleri daşamaga ýöriteleşen “RO-PAX” görnüşli parom gämileriniň sanyny artdyrmagy, şeýle-de Mahaçkala, Kuryk we Astrahan deňiz portlaryna täze ugurlary açmagy göz öňünde tutýar.
Ýurtda nebithimiýa önümlerini öndürýän iri senagat kärhanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi netijesinde umumy ýükleri, şol sanda konteýnerleri daşaýjy ýük gämileri milli flotyň düzüminde aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Şeýle hem nebit tankerleri, ýolagçy, deňiz düýbüni çuňaldyjy, port çäklerini arassalaýjy we beýleki zerurlyklara niýetlenen ýörite gämiler arkaly deňiz ulag parkyny giňeltmek meýilleşdirilýär.
Maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi girdejileriň durnukly artmagyna şert döredýär. Mysal hökmünde bellesek, suw ýüzündäki zibilleri we nebit galyndylaryny ýygnamaga niýetlenen bir gäminiň ulanyşa berilmegi netijesinde her aýda alynýan girdeji 120 müň ABŞ dollaryna golaýlaýar.
Geçen ýylyň noýabr aýynda “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody hem-de Koreýanyň deňiz enjamlary assosiasiýasy (KOMEA) ýük göterijiligi 6,1 müň tonna, bahasy 42 million ABŞ dollaryna barabar bolan “Multi Purpose Carriers” görnüşli gämileriň taslamasyny düzmek, bilelikde gurmak we degişli enjamlary getirmek boýunça ylalaşyga gol çekdiler.