Babadaýhan dokma toplumynda 4 müň tonna golaý nah ýüplük öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Babadaýhan dokma toplumynda 4 müň tonna golaý nah ýüplük öndürildi
Babadaýhan dokma toplumynda öndürilen önümler

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda ýerleşýän Babadaýhan dokma toplumy boýunça 2023-nji ýylda 3 müň 858 tonnadan gowrak nah ýüplük öndürildi.

Şeýle hem geçen ýyl bu toplumda 572 müň tonnadan gowrak örülen önüm öndürildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Hasabat döwründe Babadaýhan dokma toplumynda 124 million 632 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 189,3 göterim ýokarlandy.

Häzirki wagtda Babadaýhan dokma toplumynda dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolan 31/1, 51/1, 68/1 belgili nah ýüplügi, 85/1 belgili inçe daralan ýüplügi, şeýle hem köp sanly dokma önümleri “Mäne” haryt nyşany bilen öndürilýär.

Babadaýhan dokma toplumy 2021-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda açylyp ulanylmaga berildi. Toplumyň çäginde önümçilik desgalaryndan başga-da iki gatly dolandyryş binasy, ammarlar, transformator bekedi, ussahana, ýangyn howpsuzlygy binasy, şeýle hem 450 orunlyk naharhana, 16 orunlyk iki myhmanhana we sport meýdançasy ýerleşýär.

2022