Türkmenistan-Ýaponiýa: tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyry gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Ýaponiýa: tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyry gurlar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýto bilen geçiren duşuşygy, 2024-nji ýylyň 22-nji ýanwary, Tokio, Ýaponiýa.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýto bilen duşuşdy. Duşuşygyň jemleri boýunça Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň binýadynda onuň ikinji toplumynyň taslamasynyň we gurluşygynyň amala aşyrylmagy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmany beýan etdiler.

Şeýle hem duşuşykda himiýa zawodlarynyň, gaz turbinaly elektrik stansiýalaryň gurluşygy, şeýle-de tehnikanyň we awtoulaglaryň getirilmegi boýunça bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi barada nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde nobatdaky energetika ykdysadyýeti boýunça Ministrler maslahatynyň geçirilmegine, dekarbonizasiýa boýunça Ýol kartasynyň taýýarlanylmagyna, bilelikdäki karz beriş guralynyň (Joint Crediting Mechanism - JCM), söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen elektron söwda ulgamynyň ornaşdyrylmagyna, wodorodyň önümçiligi we daşalmagy bilen bagly tehnologiýalar babatynda bilelikdäki işleriň alnyp barylmagyna degişli bolan meselelere üns çekildi.

Mundan başga-da, duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda energetika geçişi amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, “Marykarbamid” zawodynyň taslama kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça tehniki hyzmatlaryň amala aşyrylmagy we üpjün edilmegi boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň tehniki hyzmatlaryň amala aşyrylmagy we üpjün edilmegi babatynda Çarçuwaly ylalaşyklar boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod 2019-njy ýylda gurlup ulanmaga berildi. Kärhananyň ýylda 1 milliard 785 million kub metr “mawy ýangyjy” gaýtadan işläp, EURO-5 standartyna gabat gelýän EСO-93 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny hem-de suwuklandyrylan gazyň 100 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçiligi bar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022