Türkmenistan-Italiýa: ýokary tizlikli demirýol şahalarynyň gurluşygyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Italiýa: ýokary tizlikli demirýol şahalarynyň gurluşygyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi bilen RFI kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň we Italiýanyň ulag we infrastruktura ministriniň orunbasarynyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 23-nji ýanwary, Rim, Italiýa.

Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Kömekow bilen “Rete Ferrowaria Italiana” (RFI) kompaniýasynyň prezidenti Dario Lo Boskonyň, RFI-niň baş müdiri Janpero Strişulonyň hem-de Italiýanyň ulag we infrastruktura ministriniň orunbasary Eduardo Riksiniň arasynda geçirilen duşuşykda ýokary tizlikli demirýol şahalaryny gurmak pudagynda türkmen we italýan kompaniýalarynyň arasynda tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Italiýanyň Rim şäherinde sişenbe güni geçirilen duşuşykda ýokary tizlikli otlularyň, şeýle hem awtoulag ýollarynyň gurluşygynda tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerine hem garaldy.

Ilçi Toýly Kömekow öz gezeginde Türkmenistanyň geoykdysady aýratynlygyny nygtap, ýurtda ulag infrastrukturanyň ösmegine uly ähmiýet berýändigini belledi.

Italiýanyň ulag we infrastruktura ministriniň orunbasary Eduardo Riksi Türkmenistanyň döwlet we hususy kompaniýalarynyň wekillerini ýokary tizlikli demirýol şahalaryny, ýokary tizlikli otlulary we ýokary tizlikli awtoulag ýollaryny gurmak pudagynda tejribe alyşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

2022