Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi Ahmet Demirok penşenbe güni Aşgabatdaky rezidensiýasynda metbugat ýygnagyny geçirdi.
Metbugat ýygnagyna Türkmenistanda iş alyp barýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ahmet Demirok mundan ozal, Katar we Eritreýa döwletlerinde ilçi wezipesini ýerine ýetirendigini belläp, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine bellenendigine buýsanýandygyny aýtdy. Mundan başga-da, türk ilçisi şu ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurandygyny mälim edip, mähirli kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna hoşallygyny bildirdi.
Türk ilçisi Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasynda guralan ýokary derejeli özara saparlaryň iki ýurduň arasyndaky ýakyn dost-doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, syýasy, söwda-ykdysady we medeni hyzmatdaşlyga uly itergi berendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ilçi Ahmet Demirok geçen ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä amala aşyran ilkinji resmi saparynyň we onuň çäklerinde guralan türkmen-türk işewürlik forumynyň hem-de gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň möhüm ähmiýetini nygtady.
“Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň özygtyýarlygyny ykrar eden we Aşgabatda ilkinji bolup ilçihanasyny açan döwlet bolup, Türkiýe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini hem goldaýar. Mundan başga-da, türk kompaniýalary Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşdylar we bu işleri dowam etdirýärler” diýip, türk ilçisi aýtdy.
Metbugat ýygnagynyň ahyrynda Ahmet Demirok Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi hökmünde Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda köpugurly gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny belledi.
Metbugat ýygnagy tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylara türk aşhanasynyň tagamlary hödür edildi. Soňra Ilçi ýadygärlik hökmünde metbugat wekilleri bilen surata düşdi.