Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas oňyn sebitleýin hyzmatdaşlygyň çäginde Türkmenistanyň aýratyn ornuna ünsi çekdi.
Margaritis Şinas Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde duşenbe güni öz işine başlan Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumynyň çäginde “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren interwýusynda Türkmenistanyň global energiýa durnuklylygyna goşýan goşandynyň ähmiýetini nygtady we Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň dowam etmegine umyt bildirýändigini aýtdy.
Şeýle hem Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dowam etdirilmegine umyt bildirdi.
“Maksat Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine itergi bermekden ybarat. Häzirki wagtda bu maýa goýum forumy hökümet agzalaryny, maýadarlary, halkara maliýe guramalaryny bir ýere jemlemek üçin ajaýyp mümkinçilikdir” diýip, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas belledi.
Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumy 2024-nji ýylyň 30-njy ýanwaryna çenli dowam eder. Forumyň ikinji güni Türkmenistan üçin derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, şol sanda üstaşyr geçelgäniň mümkinçiliklerini öwrenmäge bagyşlanar.