Maýadarlar forumynyň jemleri boýunça Brýusselde “tegelek stol” maslahaty geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Maýadarlar forumynyň jemleri boýunça Brýusselde “tegelek stol” maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow ÝB-niň “Global Gateway” başlangyjy boýunça geçirilen Maýadarlar forumynyň jemlerine bagyşlanan “tegelek stol” maslahatynda çykyş edýär, 2024-nji ýylyň 2-nji fewraly, Brýussel. (Surat: “Biznes Türkmenistan”)

Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjy boýunça geçirilen Maýadarlar forumynyň jemlerine bagyşlanyp, anna güni Brýussel şäherinde “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet-neşiriniň wekilleri habar berdi.

Çärä Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow, Özbegistanyň Belgiýadaky ilçisi Gaýrat Fozilow, Gazagystanyň Belgiýadaky ilçisi Margulan Baýmuhan, Täjigistanyň Belgiýadaky ilçisi Muzaffran Huseýnzoda, Gyrgyzystanyň Belgiýadaky ilçisi Aýdit Erkin we Ýewropa – Özbegistan Ykdysady hyzmatdaşlyk birleşiginiň Baş sekretary Oýbek Şaýhow gatnaşdylar.

Sapar Palwanow özüniň çykyşynda Maýadarlar forumynyň Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag düzümlerini ösdürmäge we giňeltmäge gyzyklanma bildirýän ýewropaly maliýe edaralarynyň we kompaniýalarynyň ünsüni çekendigini belledi. Şeýle hem türkmen ilçisi bar bolan logistika kuwwatlyklaryndan peýdalanmaga we täze serhetüsti söwda merkezlerini döretmäge gyzyklanma bildirýän Ýewropanyň logistika operatorlarynyň Türkmenistanda oňat garşylanýandygyny aýtdy.

“Ýakynda geçirilen Maýadarlar forumynyň jemlerine garamak we sebitlerimiziň arasynda ulag mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen türkmen tarapy häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ulag pudagyndaky bilermenleriniň ýakyn aýlarda Aşgabatda duşuşyklaryny guramak babatda işjeň iş alyp barýar” diýip, türkmen diplomaty belledi.

Tebigy gazy çykarmak pudagynda möhüm ähmiýetli orny eýeleýän Türkmenistan metan zyňyndylaryny azaltmak ugrunda tagalla edýär hem-de özüniň gaz serişdelerinden has rejeli peýdalanmak mümkinçiliklerini işjeň öwrenýär diýip, ilçi nygtady.

Sapar Palwanowyň bellemegine görä, ulag infrastrukturasynyň sanlylaşdyrylmagy we “ýaşyl” energetika geçiş – Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugurlardyr. Bu öz gezeginde, pudakda degişli tehnologiýalara we baý tejribelere eýelik edýän Ýewropa üçin-de giň mümkinçilikleri açýar.

Sapar Palwanow çykyşynyň ahyrynda Ýewropa Bileleşiginiň wise-prezidenti Margaritis Şinasyň “Eger-de menden dünýäde oňyn özgerişlikler bolup geçýän sebiti görkez diýseler, men ikirjiňlenmezden Merkezi Aziýany görkezerdim” diýen sözlerini aýtdy.

Şu ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjy esasynda Maýadarlar forumy geçirildi. Bu çäre Ýewropany we Merkezi Aziýany 15 günde hem-de ondan hem az wagtda özara baglanyşdyrýan Hazar üsti ulag geçelgesini multimodal, döwrebap, bäsdeşlige ukyply, durnukly, öňünden çaklap bolýan, tiz hereketli geçelgä öwürmekdäki uzakmöhletleýin maksatlara ýetmäge gönükdirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022