Demirgazyk-Günorta: Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny infrastruktura sanawyna goşmak meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Demirgazyk-Günorta: Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny infrastruktura sanawyna goşmak meýilleşdirilýär
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Balkan welaýaty, Türkmenistan.

Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesi üçin ulag-logistika merkezleriniň sanly sanawy döredilýär we oňa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasy barada maglumaty girizmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar bermegine görä, bu barada şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Moskwada geçirilen GDA-nyň ulag işewürlik dialogynyň ikinji mejlisinde mälim edilýär. Bu sanaw Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça logistika ugurlaryny we ýük akymlaryny netijeli kemala getirmäge şert döreder.

GDA-nyň ulag işewürlik dialogynyň ikinji mejlisinde “GDA-nyň Ykdysady ösüşiniň işewürlik merkezi” assosiasiýasynyň Baş direktory Wadim Ganin Russiýanyň Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi bilen baglanyşykly geljegi uly iki ulag geçelgesini ösdürmek işine gatnaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Bu geçelgeleriň biri Russiýa – Hazar deňzi – Türkmenistan – Özbegistan – Gyrgyzystan, başgaça Günorta ulag geçelgesi diýlip atlandyrylýan multimodal ulag ugruny döretmekden ybaratdyr. Özbegistanyň we Türkmenistanyň çäklerinden ýükleri daşamak üçin demir ýollar ýa-da onuň ýerine ýük awtoulaglary ulanylyp bilner. Gyrgyz tarapy hem awtoulaglar arkaly ýükleri daşamagy ileri tutulýan ugur hökmünde görýär.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň duşenbe güni habar bermegine görä, Gyrgyzystandan konteýner ýükleri ýük awtoulaglarynda ilki Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna daşamak, ondan soň bolsa, parom gämilerinde Russiýanyň Astrahan portuna eltmek göz öňünde tutulýar. Wadim Ganin bu ýerde dürli ýükleri kabul etmäge ukyply onlarça terminallaryň hereket edýändigini belledi.

“GDA-nyň Ykdysady ösüşiniň işewürlik merkezi” assosiasiýasynyň Baş direktory gyrgyz tarapynyň baha bermegine görä, başlangyç tapgyrda Respublikanyň gündelik 40 ýük awtoulag akymyny üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy. Geljekde bu bir gije-gündizde 150 – 200 ýük awtoulagyna çenli artdyrylyp bilner.

Eger-de döwletara taslamasyny amala aşyrmak tapgyryna geçirilende Türkmenistanyň portundaky ýörite ykdysady zolakda logistika merkezi dörediler. Bu ýerde Gyrgyzystandan iberilen ýükler Russiýa ugradylýança saklanylar, taraplar bolsa, ýük daşaýjylar üçin yzygiderli gämi gatnawlaryny ýola goýarlar.

Ikinji taslama Transowgan ulag geçelgesini döretmek bilen baglanyşyklydyr. Täze ulag geçelgesi Ýewropa Bileleşigini, Belarusy, Russiýany, Özbegistany, Owganystany, Pakistany, Hindistany we ondan aňry Günorta-Gündogar Aziýa döwletlerini özara baglanyşdyrar. Ol ýokarda ady agzalan Günorta ulag geçelgesi bilen hem birleşdirilip bilner. Bu taslamanyň tehniki-ykdysady esaslary boýunça işleri 2024-nji ýylyň iýul aýyna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.

Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi uzynlygy 7,200 kilometre barabar bolan multimodal ugrydyr. Bu alternatiw ulag geçelgesi Ýewropany, Pars aýlagynyň ýurtlaryny we Hindi ummanyny Müsürde ýerleşýän Sues kanaly arkaly birleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022