Ispaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistana gelerler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ispaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistana gelerler
Türkmenistanyň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýewiň Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçisi Markos Gomes Martines bilen geçiren duşuşygy, 2024-nji ýylyň 6-njy fewraly, Moskwa, Russiýa.

Türkmenistanyň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew sişenbe güni Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa şäheri) Markos Gomes Martines bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Ispaniýanyň wekiliýetiniň 2024-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistana meýilleşdirilýän sapary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň sişenbe güni habar bermegine görä, ispan wekiliýetiniň düzümine maýa goýum işleri, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlarda ýöriteleşen kompaniýalar girer.

Şeýle hem taraplar maýa goýum, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlara özara gyzyklanma bildirilýändigini bellediler we olaryň ösdürilmegi üçin amatly şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Mundan başga-da, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

2022