Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 89 milliard 102,20 million manada ýetdi. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 88 milliard 926,48 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.
2024-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 55 milliard 8 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 57 milliard 689 million manada deň boldy.
Şeýle hem, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 12 milliard 287 million manada barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 1,1% ýokarlandy. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 12 milliard 155 million manada ýetdi.
Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 21 milliard 807 million manada barabar boldy we bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14,2% ýokarlandy. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 19 milliard 83 million manada deň boldy.
Geçen ýylyň 1-nji ýanwaryndan şu ýylyň 1-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 17 milliard 372,65 million manatdan geçdi.