2023: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 17,3 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
2023: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 17,3 milliard manatdan geçdi
"Ak şäherim Aşgabat" atly XXII köpugurly halkara sergide Türkmenistanyň bank ulgamynyň diwarlygy, 2023-nji ýylyň 24-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan.

Geçen ýylyň 1-nji ýanwaryndan şu ýylyň 1-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 17 milliard 372,65 million manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2023-nji ýylda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 15 milliard 744 million 796 müň 443 manada ýetdi.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, hasabat döwründe “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 1 milliard 152 million 356 müň manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 17 million 430,4 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 390 million 911,1 müň manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 1 million 994,9 müň manatdan geçdi.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 65 million 165,2 müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022