“Deňiz söwda floty” daşary ýurt gämileri bunkerleme hyzmatyny hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Deňiz söwda floty” daşary ýurt gämileri bunkerleme hyzmatyny hödürleýär
Daşary ýurt gämilerini dizel ýangyjy bilen bunkerleme hyzmatyny ýerine ýetirýän “Serpaý” tirkeg gämisi.

“Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) Türkmenbaşy Halkara Deňiz portuna girýän daşary ýurt gämilerini dizel ýangyjy bilen bunkerleme hyzmatyny amala aşyrýar.

Gämi ýangyjy bilen bunkerlemek hyzmatyny Türkmenbaşy Halkara Deňiz portunyň gämi duralgalarynda “Serpaý” tirkeg gämisi ýerine ýetirýär. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Bu bolsa bunkerlemeden soň daşary ýurt gämilerini bellenen ugra tarap hereketi dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.

“Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň gämileri bilen 2023-nji ýylda ýük daşamagyň umumy mukdary 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 19,7% ýokarlandy we 2 million 261 tonna ýetdi.

2022