“Täç hil” önümçilikde gün panellerini ulanmak üçin maýa goýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Täç hil” önümçilikde gün panellerini ulanmak üçin maýa goýýar
“Täze energiýa” Ahal welaýatynyň çetki obalarynda dizel generatorlarynyň ýerine umumy kuwwaty 10 kWt bolan gün panellerini gurnaýar.

Türkmenistanda şahsy arassaçylyk we ýuwujy serişdeleriň önümçiligini alyp barýan “Täç hil” kompaniýasy önümçilik kärhanasynyň üçeginde gün panellerini we akkumulýator batareýalaryny gurnamaga maýa goýýar. Bu barada TSTB anna güni habar berdi.

“Täç hil” önümçilik kärhanasynyň üçegine kuwwatlylygy 12 kWt sagat bolan gün panellerini we 5 kWt sagat akkumulýator batareýasyny goýmagy meýilleşdirýär.

Habarda bellenilişi ýaly, munuň özi “Täç hil” kompaniýasyna gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine bölekleýin geçmäge, elektrik toruna düşýän agramy azaltmaga we daşky gurşawa täsirini peseltmäge mümkinçilik berer.

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) ESG maksatnamasynyň çäklerinde “Täç hil” kompaniýasyna maslahat beriş goldawyny berýär. Bu bankyň bilermenleriniň bellemegine görä, “Täç hil” Merkezi Aziýanyň telekeçiliginiň durnukly ösüşe bolan ymtylyşynyň mysalydyr.

Kompaniýa önümçiliginde öňdebaryjy tehnologiýalary we ýokary hilli çig mallary ulanýar. ÝTÖB-niň goldaw bermegi bilen, kompaniýa hili dolandyryş ulgamyny ornaşdyrýar we önümçiligi BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk getirýär.

2006-njy ýylda esaslandyrylan “Täç hil” hususy kärhanasy häzirki wagtda polietilen torbalaryň dürli görnüşleriniň (senagat ugurly önümleri gaplamak üçin, oba-hojalyk harytlary, iýmit we azyk önümlerini gaplamak üçin) zir-zibil salmak üçin hoşboý ysly hem-de ýüpli we ýüpsiz torbalaryň, çygly süpürgiçleriň, gap-gaç ýuwujy serişdeleriň, suwuk sabynlaryň, atyr ysly köpürjikli sabynlaryň, gel we suwuk görnüşli antibakterial serişdeleriň, ýakymly ys berijileriň, aýna ýuwujy serişdeleriň, atyrlaryň we suwuk egin-eşik ýuwujy serişdeleriň önümçiligini alyp barýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022