Türkmen telekeçileri Dubaýdaky “Gulfood 2024” sergisinde öz önümleri bilen tanyşdyrdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri Dubaýdaky “Gulfood 2024” sergisinde öz önümleri bilen tanyşdyrdylar
“Gulfood 2024” atly azyk önümleriň, içgileriň, myhmanhana-restoran işewürliginiň we aşhana enjamlarynyň 29-njy halkara sergisi, 2024-nji ýylyň 19-23-nji fewraly, Dubaý, BAE (Surat: Gulfood)

Türkmen telekeçileri şu ýylyň 19 – 23-nji fewraly aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilýän “Gulfood 2024” atly azyk önümleriň, içgileriň, myhmanhana-restoran işewürliginiň we aşhana enjamlarynyň 29-njy halkara sergisine gatnaşýarlar. Bu barada serginiň web sahypasynda habar berilýär.

Gatnaşyjylaryň hatarynda “Hasar” we “Okgun” ýaly süýji-köke önümleri öndürýän, “Ýüpekçi” we “Arçalyk” ýaly alkogolsyz içgileri öndürýän kärhanalar hem-de “Mahmal” harytlyk nyşany bilen ýyladyşhana pomidorlaryny ösdürip ýetişdirýän “Ýigit” hojalyk jemgyýeti bar.

“Gulfood 2024” – bu azyk önümleriň, içgileriň, myhmanhana-restoran işewürliginiň we aşhana enjamlarynyň hem-de Aýlag döwletleriň aşhana sungatyna bagyşlanyp 29-njy gezek geçirilýän halkara sergidir. Azyk senagaty pudagyndaky bu möhüm ähmiýetli çäre her ýyl dünýäniň ähli künjeginden gatnaşyjylary we görmäge gelýänleri özüne çekýär.

Sergide azyk senagaty pudagyndaky iň soňky tehnologiýalar, ýörelgeler we önümler görkezilýär, şeýle-de möhüm işewürlik aragatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýulýar. Çärä 125 döwletden 5,2 müňden gowrak kompaniýa gatnaşyp, ony dünýäniň 195 ýurdundan 130 müňden gowrak adam görmäge geldi.

Geçen ýyl Türkmenistanyň “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti, “Balam’ konditer önümleri kärhanasy, “Hasar” hojalyk jemgyýeti, “Kämil market” dükanlar toplumy, şeýle hem “Döwletli döwran” hususy kärhanasy azyk önümlere hem-de içgilere ýöriteleşen 28-nji “Gulfood 2023” halkara sergisine gatnaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022