Türkmen alymlary ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdesini işläp taýýarladylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen alymlary ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdesini işläp taýýarladylar
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynda barlag işleri geçirilýär, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýalar barlaghanasynda janly sianoprokariot bakteriýalaryň (sianobakteriýalar) esasynda çägäni berk madda öwürýän ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdesi işlenip taýýarlanyldy. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde şenbe güni habar berildi.

Çägäni berk madda öwürýän bu serişde täze örtgi serişdelerini taýýarlamakda, könelişen ýollary abatlamakda we ýanýodalary plitalar bilen örtmekde ulanylyp bilner. Şeýle hem ol ýollaryň gum süýşmelerinden hapalanmagynyň öňüni almaga ýardam edýär.

Kömürturşy gazynyň global zyňyndysynyň 6 göterimini özünde jemleýän sement önümçiliginden tapawutlylykda, täze işlenip taýýarlanylan serişde öndürilende uglerodyň dioksidi (CO2) düýbünden bölünip çykmaýar. Gurluşyk serişdesindäki bakteriýalar parnik gazlaryny özüne sorup alýar we tebigy gel bilen iýmitlenmek bilen minerallaşdyrmak arkaly kalsiý karbonatyny öndürýär. Şeýlelikde, alnan innowasion gurluşyk serişdesi ýokary tehnologiýalary ulanmak bilen döredildi.

Degişli gurluşyk serişdesi ýol-gurluşyk işleri alnyp barlanda, awtomobil ýollaryny gum süýşmelerinden goraýan zolaklar döredilende material hökmünde ulanylyp bilner.

Bu ugurda ylmy-barlag işlerini alyp barýan käbir daşary ýurt alymlarynyň pikiriçe, bu “janly” gurluşyk serişdesini dürli ugurlarda giňden ulanmak üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.

Sary-ýaşyl suwotular ýa-da sianobakteriýalar ady bilen hem giňden tanalýan sianoprokariotlar – bu kislorodyň bölünip çykmagy bilen utgaşýan fotosintezi geçirmäge ukyply gramotrisatel bakteriýalarynyň uly topary bolup durýar. Olar ýer ýüzünde galyndylary ýüze çykarylan iň gadymy mikroorganizmlere golaý görnüşlerdir. Sianoprokariotlar çylşyrymly gurluşly we morfologiýa taýdan üýtgän prokariot mikroorganizmleriň hataryna degişli edilýär. Olar ýokarda ösýän ösümlikler ýaly molekulýar kislorody öndürmäge ukyplydyr. Hut, şeýle mikroorganizmleriň hyzmaty esasynda mundan 2,5 milliard ýyl ozal, Ýeriň atmosferasyna kislorod giňden ýaýrapdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022