Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak meselesine garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak meselesine garaldy
Türkmen wekiliýetiniň Täjigistanyň Ykdysady Ösüş we Söwda ministrliginiň Daşary ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy bilen geçiren duşuşygy, 2024-nji ýylyň 28-nji fewraly, Duşenbe, Täjigistan (Surat: Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy)

Türkmen wekiliýeti Täjigistanyň Duşenbe şäherine iş saparynyň çäklerinde çarşenbe güni Täjigistanyň Ykdysady Ösüş we Söwda ministrliginiň Daşary ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Dilşod Şerifi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak meselesine garadylar.

Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalaryndan ybarat bolan türkmen wekiliýetine TSTB-niň Obasenagat toplumy we balykçylyk müdirliginiň başlygy M. Baýramdurdyýew ýolbaşçylyk etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ykdysady we söwda ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 26-28-nji noýabry aralygynda Täjigistanyň Duşenbe şäherine iş saparyny amala aşyrypdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022