Türkmenistan-Türkiýe: Tebigy gaz hyzmatdaşlygyny ösdürmek hakynda Ähtnama gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Türkiýe: Tebigy gaz hyzmatdaşlygyny ösdürmek hakynda Ähtnama gol çekildi
“Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda Ähtnama gol çekilýär, 2024-nji ýylyň 1-nji marty, Antalýa, Türkiýe. (Surat: Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy)

“Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Bu resminama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni 3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýä amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren duşuşygyndan soň kabul edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda geçirilen duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama we “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň sosial ulgamynda habar bermegine görä, gol çekilen resminamalara laýyklykda, türkmen gazyny ilki bilen Türkiýä, soňra dünýä bazarlaryna ibermek göz öňünde tutulýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni “Nest” kongresler merkezinde geçirilýän üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda çykyş etdi.

2022