“Sekiz bag” ýag almak maksady bilen saflor ekinini ekip başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Sekiz bag” ýag almak maksady bilen saflor ekinini ekip başlady
Saflor ekin meýdany, Ysparta, Türkiýe. (Surat: AA)

“Sekiz bag” daýhan hojalygy Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň çäginde ýerleşýän ekerançylyk ýeriniň 5 gektar meýdanynda şu ýyl ilkinji gezek saflor ekini ekip başlady. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, saflor ekini ýag almak maksady bilen ösdürilip, bu ösümlik ýurduň toprak-howa şertlerine laýyk gelýär. Saflor ekininiň ýagy bolsa zeýtun ýagyna çalymdaş bolup durýar.

Häzirki wagtda daýhan hojalygynyň 60 gektar ýerinde raps ekini ekilip, her ýylda bolşy ýaly, şu ýyl hem bu ösümlikden bol hasyl almak meýilleşdirilýär. “Sekiz bag” daýhan hojalygyna rapsdan ýag almak üçin Hytaýyň öňdebaryjy enjamy getirilip ornaşdyryldy.

Raps we saflor ekinlerinden başga-da bu ýerde ýeralma, sogan we bugdaý ekilip ýetişdirilýär. Telekeçi Muhammetgeldi Ýemşikowyň gürrüň bermegine görä, hasyl ýygnalandan soň, bu ekerançylyk meýdanlaryna mallar üçin siloslyk otlary ekmek maksat edinilýär.

2022