Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 18-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabatda Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Türkiýe bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, işewüriň bu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde we “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň ösüşiniň anyk ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklandy we ýurtda himiýa senagatyny ösdürmegiň, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde taslamalaryň durmuşa geçirilmegine türk işewürleriniň gatnaşyp biljekdigini aýtdy.

Türkiýäniň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysy uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistanda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtap, häzirki döwürde Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýändigini, onuň geljek okuw ýylynyň başynda ulanmaga beriljekdigini habar berdi.

Türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine döwlet derejesinde üns berilýändigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda maksatnamalaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşmaga taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň türk kompaniýasynyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýändigini hem-de toplanan oňyn tejribäni hasaba almak bilen, geljekde-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

2022