TDHÇMB-da sişenbe güni eksport geleşikleri $38,2 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da sişenbe güni eksport geleşikleri $38,2 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda müşderiniň sanly ulgam arkaly amallary ýerine ýetirýän pursady

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynyň jemi bahasy 38 million 237 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Maltadan we Pakistandan gelen işewürler daşary ýurt walýutasyna “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýakyş mazudyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 12 million 837 müň 500 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle hem Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 25 million 400 müň ABŞ dollaryna deň bolan "B" kysymly karbamidi satyn aldylar. Birža söwdalarynda satylan bu önüm “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 77 million 23 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. 

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022