Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $185 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $185 milliona golaýlady
Özbegistandaky gözegçilik-geçiriş nokady (Surat: Xabar.uz)

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 184,6 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň şenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 173,5 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 11,1 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Özbegistanyň şu ýylyň ýanwar aýyndaky umumy daşary söwda dolanyşygy 9,9 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 940,3 million ABŞ dollary möçberinde ýa-da 10,5 göterim ýokarlandy.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda 59,8 million ABŞ dollaryna deň boldy. 

2022