Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2023-nji ýylda 229 million ýewrodan geçdi. Bu barada ÝB-niň Statistika gullugyna (Ýewrostat) salgylanyp, “Trend” agentligi şenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 32,8 göterim ýa-da 172,37 million ýewro köpdür.
Hasabat döwründe Italiýa jemi bahasy 80,17 million ýewro barabar bolan türkmen önümlerini import etdi we bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 18,1 göterim ýokarydyr (67,87 million ýewro).
Geçen ýyl Italiýanyň Türkmenistana eksporty 148,83 million ýewro golaýlady. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 104,5 million ýewro ýa-da 42,4 göterim artdy.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2023-nji ýylda 1,87 milliard ýewro barabar boldy we bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 87 göterim ýokarydyr.