“Türkmen berk-metal” tegmilleri aýryjy serişdeleriň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen berk-metal” tegmilleri aýryjy serişdeleriň önümçiligini ýola goýdy
“Türkmen berk-metal” hususy kärhanasynda alnyp barylýan önümçilikden bir pursat

“Türkmen berk-metal” hususy kärhanasy ýakynda tegmilleri aýryjy, gaty üstler üçin suwuk görnüşli arassalaýjy we ýuwujy, lagym arassalaýjy hem-de zyýansyzlandyryjy serişdeleriň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada kärhananyň kärhananyň marketing bölüminiň hünärmeni Aman Nuralyýewiň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) 16 ýyllygyna bagyşlanyp şu ýylyň 17-19-njy marty aralygynda geçirilen serginiň çäklerinde “Biznes reklama” gazetine beren interwýusynda habar berilýär.

“Türkmen berk-metal” häzirki wagtda kir ýuwujy serişdelerini öndürmekde ýurtda öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolup, onuň ýyllyk önümçilik kuwwaty 50 müň tonna barabardyr.

Kärhananyň marketing bölüminiň hünärmeniniň gürrüň bermegine görä, bu ýerde öndürilýän önümler içerki bazarlarda yzygiderli ilata ýetirilýär hem-de ýakyn goňşy ýurtlara eksport edilýär.

Häzirki wagtda kärhanada “Güneş”, “Emaý”, “Sar”, “Arýa”, “Ari” haryt nyşanlary bilen elde we awtomatik usulda ulanylýan kir ýuwujy serişdeleri öndürilip, olar 300, 360, 400 gramdan başlap, 2,5; 3; 5; 6; 8; 9; 25 kilograma çenli dürli agramlarda polietilen gaplara gaplanylýar.

“Tämizleýji serişdeler reňkli pagtadan, zygyrdan, sintetik süýümlerden taýýarlanan mata önümlerini dürli dykyzlykdaky suwlarda ýuwmak üçin niýetlenilendir” diýip, Aman Nuralyýew aýtdy.

TSTB-niň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergide Türkmenistanyň kompaniýalarynyň, hususy kärhanalarynyň we önüm öndürijileriniň 230-dan gowragy öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022