Tokioda türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Tokioda türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumy geçirildi
Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumy, 2024-nji ýylyň 27-nji marty, Tokio, Ýaponiýa

Ýaponiýanyň Tokio şäherinde şu ýylyň 27-nji martynda türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berdi.

Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň binasynda geçirilen foruma türkmen tarapyndan 30-dan gowrak, ýapon tarapyndan bolsa 100-e golaý ýolbaşçylar we wekiller gatnaşdylar.

Forumyň başynda Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň başlygy Norihiko Işiguro, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri Rýosukr Kozuke we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon bilelikdäki komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Masumi Hara çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklara oňyn baha berdiler hem-de dowamly ösýän türkmen bazaryna ýapon kompaniýalarynyň uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Şeýle hem türkmen tarapy Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtadylar. Esasan-da iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygyny, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

Forumyň barşynda türkmen tarapy Ýaponiýanyň kompaniýalaryny hyzmatdaşlyk etmäge çagyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ýaponiýada söwda wekilhanasyny açmak mümkinçiliginiň öwrenilmegi we Türkmenistanda Ýaponiýanyň daşary söwda işleri guramasynyň wekilhanasyny açmak mümkinçiligine seredilmegi teklip edildi.

Türkmen-ýapon işewür toparlarynyň arasynda gönüden-göni gatnaşyklary guramakda işewürlik maslahatlary, sergileri, iş saparlaryny dowamly geçirmek teklibi beýan edildi hem-de indiki türkmen-ýapon işewürler forumyny Türkmenistanda geçirmek üçin ýapon tarapy türkmen paýtagtyna çagyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022