“Sanly ykdysadyýet innowasion merkeziniň” esaslyk maýasyndaky paýnamalary hususylaşdyrlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Sanly ykdysadyýet innowasion merkeziniň” esaslyk maýasyndaky paýnamalary hususylaşdyrlar
"Türkmentel-2023" XVI Halkara sergi we ylmy maslahat, 2023-nji ýylyň 9-njy noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna “Sanly ykdysadyýet innowasion merkezi” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyndaky paýnamalary bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak baradaky teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, paýdarlar jemgyýetiniň esasy iş ugurlary lomaý söwda, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek, maýa goýumlary çekmek hem-de telekeçilik işini alyp barmak bilen baglydyr.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany döwlet emlägini hususylaşdyrmak hem-de ony dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we onuň ýurtda kiçi we orta telekeçiligi netijeli ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şu ýylyň 15-19-njy apreli aralygynda ilkinji gezek BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş hepdeligi geçiriljekdigini aýtdy we oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýetini ibermegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň iň ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýan halkara guramalarynyň biridir diýip belledi we wise-premýere BMG bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022