Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanda öndürilýän önümleri mahabatlandyrmak örän ähmiýetli

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanda öndürilýän önümleri mahabatlandyrmak örän ähmiýetli
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni ýurduň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisine baryp gördi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri sergi bilen tanyşlygyň dowamynda ýurtda öndürilýän önümleriň, harytlaryň degişli derejede mahabatlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetlidigini belläp, bu babatda döwrüň ösen tejribesinden ugur alyp, degişli işleri talabalaýyk guramak babatda sergä gatnaşýan ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, sergide söwda toplumynyň düzümleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň 210-dan gowragynyň öndürýän ýokary hilli önümleriniň we hyzmatlarynyň dürli görnüşleri görkezilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýurduň dokma toplumlarynyň ýokary hilli önümleri, gön we gön önümlerinden taýýarlanylýan harytlar, azyk önümleriniň, agyz suwlarynyň köp görnüşleri, et we şöhlat önümleri bilen tanyşdy we sergide görkezilýän dürli görnüşli matalary synlady.

Gurbanguly Berdimuhamedow söwdanyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň, ýola goýulýan hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendigini belläp, täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyna, önüm ugradylýan bazarlaryň geografiýasynyň giňeldilmegine örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini nygtady.

Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi şu ýylyň 3-nji aprelinde ýurduň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde açyldy we 5-nji aprelde tamamlanar.

2022