Türkmenistanyň we Täjigistanyň paýtagtlarynda söwda öýlerini açmak meselesine garalýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Täjigistanyň paýtagtlarynda söwda öýlerini açmak meselesine garalýar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodanyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 5-nji apreli, Duşenbe, Täjigistan

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodanyň arasynda anna güni Duşenbede geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen iki döwletiň paýtagtlarynda söwda öýlerini açmak boýunça taslamany durmuşa geçirmek babatda netijeli ädimleri ätmegiň zerurdygy aýdyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselesi hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyny we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, şol sanda ony hususy kompaniýalaryň, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etmek arkaly üpjün etmek maksady bilen, ylalaşykly işleri amala aşyrmagy teklip etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Duşenbede geçirilen iki ýurduň eksport harytlarynyň sergisiniň hem-de bilelikdäki işewürlik maslahatynyň barşynda Täjigistanyň telekeçileri türkmen dokma önümlerine uly gyzyklanma bildirdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Täjigistanyň Hökümetinde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Täjigistanyň çäginde dokma fabrigini döretmek boýunça ilkinji taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiligine garamaga taýýarlyk tassyklanyldy. Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň bu meseläni öwrenmek we ara alyp maslahatlaşmak üçin iki ýurduň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň duşuşygyny guramaga taýýardygy nygtaldy.

Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistana resmi saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. 

2022