Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Hytaýyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň söwda-ykdysady meseleleri boýunça geneşçisi Li Ýuenin bilen duşuşyşk geçirildi. Duşuşykda Li Ýuenin türkmen işewürlerini şu ýylyň 5-10-njy noýabry aralygynda Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçiriljek 7-nji Hytaý halkara import serigisine gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşugyň barşynda iki ýurduň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini berjaý etmek ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Şeýle hem taraplar iki ýurduň arasyndaky işewür hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar söwda-ykdysady ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlygyň toplanylan baý tejribesini, bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara almak arkaly, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýokary depginini dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.