Türkmenistanda ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik desgalary gurulýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik desgalary gurulýar
Aşgabat Halkara howa menzili, Türkmenistan

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Mämmethan Çakyýew 2024-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 118 göterime, ulagyň ähli görnüşlerinde ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgininiň, degişlilikde, 103,5 hem-de 102,6 göterime deň bolandygyny aýtdy.

Hasabata görä, ýanwar-aprel aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 104,3 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110,5 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 161,2 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 114,8 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 111,9 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, halkara ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany pudagyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ulag, aragatnaşyk, kosmos, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän, döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini we oňa gözegçilik edilmegini amala aşyrýan döwlet edarasy bolup durýar.

2022