“Agro Pack Turkmenistan 2024” sergisi halkara kompaniýalary bir ýere jemlär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Agro Pack Turkmenistan 2024” sergisi halkara kompaniýalary bir ýere jemlär
“Agro-Pak Türkmenistan - 2023” atly azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi, 2023-nji ýylyň 28-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýen Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda 2024-nji ýylyň 15-17-nji maýynda “Agro Pack Turkmenistan 2024” azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçiriler.

Bu sergä Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, daşary ýurt kompaniýalary hem-de işewürleri gatnaşarlar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek “Agro-Pack Turkmenistan” sergisi bilen birlikde “Turkmen Food 2024” sergisi hem geçiriler. Bu sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen “Sofuar” kompaniýasy gurnaýar.

Sergä gatnaşyjylar esasan şu ugurlar boýunça önümlerini we hyzmatlaryny hödürlärler:

  • azyk önümçiliginiň enjamlary;
  • gaplama önümleri we gaplama enjamlary;
  • azyk önümleri we iýmit goşundylary;
  • çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalary;
  • däne saklaýyş we degirmen ulgamlary;
  • ýyladyşhana, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlary;
  • guşçulyk we maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar;
  • oba hojalyk önümleri, tohumlar we dökünler
  • suwaryş ulgamlary. 

Türkmenistanyň, Germaniýanyň, Azerbaýjanyň, Gollandiýanyň, Eýranyň, Moldowanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň we Türkiýäniň kompaniýalarynyň 77-si geçen ýyl geçirilen “Agro Pack Turkmenistan 2023” sergisine gatnaşdylar.

Serginiň resmi web sahypasy: ashgabat.agro-pack.com

2022