Türkmenistanda lift önümçiligi boýunça kärhana döretmek meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda lift önümçiligi boýunça kärhana döretmek meýilleşdirilýär
Ýaşaýjynyň lifte münýän pursady

Türkmenistanda liftleriň önümçiligini hem-de olarda abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan kärhana döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen bilelikde ýaşaýyş jaýlarynda we edara binalarynda ornaşdyryljak liftleriň önümçiligini hem-de olarda abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan kärhanany döretmek boýunça birleşmäniň agzalaryndan degişli tekliplere garaşýar.

Bu kärhana Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň we TSTB-niň agzalarynyň 49%-51% paýly gatnaşmagynda bilelikde dörediler.

TSTB-niň agzalary giňişleýin maglumat üçin +993 (12) 21-24-30 telefon belgi bilen habarlaşyp bilerler.

2022