Türkmen telekeçileri Bakudaky oba hojalyk sergisine ilkinji gezek gatnaşarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri Bakudaky oba hojalyk sergisine ilkinji gezek gatnaşarlar
“Caspian Agro” atly Azerbaýjanyň 16-njy halkara oba hojalyk sergisi, 2023-nji ýylyň 17-19-njy maýy, Baku, Azerbaýjan (Surat: Caspian Agro)

Türkmen telekeçileri şu ýylyň 15 – 17-nji maýy aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde ýerleşýän Sergiler merkezinde geçiriljek “Caspian Agro” atly Azerbaýjanyň 17-nji halkara oba hojalyk sergisine ilkinji gezek gatnaşarlar.

“Azernews” neşiriniň sişenbe güni habar bermegine görä, Türkmenistandan başga-da, sergä Germaniýadan, ABŞ-dan, Belarus Respublikasyndan, Belgiýadan, Çehiýadan, Hytaýdan, Günorta Koreýadan, Estoniýadan, Owganystandan, Ispaniýadan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Eýrandan, Ysraýyldan, Şwesiýadan, Şweýsariýadan, Italiýadan, Indoneziýadan, Latwiýadan, Müsürden, Niderlandlardan, Özbegistandan, Pakistandan, Polşadan, Gazagystandan, Russiýadan, Serbiýadan, Slowakiýadan, Tailanddan, Türkiýeden, Şri-Lankadan, Wenesueladan, Ýaponiýadan we Gresiýadan kompaniýalar gatnaşarlar.

Oba hojalyk tehnikalary, oba hojalyk desgalary we enjamlary, suwaryş ulgamlary, gaplaýyş, oba hojalygynda, maldarçylykda, guşçulykda, bal aryçylyk, iýmleriň we dökünleriň önümçiliginde, weterinariýada, bagçylykda, miweleri hem-de bakja ekinleri ösdürip ýetişdirmekde innowasion tehnologiýalar üç günläp dowam etjek “Caspian Agro” sergisiniň esasy bölümlerini düzer.

Şeýle hem türkmen kompaniýalary degişlilikde, 15 – 17-nji maýda geçiriljek “InterFood Azerbaijan” atly Azerbaýjanyň azyk senagatynyň 29-njy halkara sergisine gatnaşarlar.

2022