Şu ýylyň maý aýynda türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Ukrainada “Магтимгули Пираги. ОДКРОВЕННЯ” atly kitaby çapdan çykaryldy.
Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu kitap Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ukrain diline terjime edilen iň doly ýygyndysy bolup durýar.
Habarda bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň bu kitapdaky goşgularyny terjime eden we çapa taýýarlan Kiýew şäherindäki Boris Grinçenko adyndaky Uniwersitetiniň žurnalistika institutynyň žurnalistika we metbugat kafedrasynyň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory Nikolaý Waskiw bolup durýar.
Nikolaý Waskiw köp ýyllaryň dowamynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenýär, hem-de diňe bir Ukrainada däl eýsem daşary ýurtlarda giňden ýaýbaňlandyrýar.
“Магтимгули Пираги. ОДКРОВЕННЯ” atly kitap, 323 sahypadan ybarat bolup, onuň başynda “Magtymguly Pyragy we onuň Ukrainadaky sözi" atly sözbaş we Magtymguly Pyragynyň ukrain dilindäki 204 sany goşgulary ýerleşdirilendir.