Türkmenistanyň Energetika ministrligi we GIZ “ýaşyl” wodoroddan peýdalanmagyň mümkinçiligini öwrenerler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Energetika ministrligi we GIZ “ýaşyl” wodoroddan peýdalanmagyň mümkinçiligini öwrenerler
GIZ-iň Merkezi Aziýadaky sebit maksatnamasynyň direktory Torsten Bresina “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň habarçysyna interwýu berýär, 2024-nji ýylyň 28-nji maýy, Almaty, Gazagystan

Türkmenistanyň Energetika ministrligi we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) “ýaşyl” wodoroddan peýdalanmagyň mümkinçiligi boýunça barlaglary geçirmegi ylalaşdylar. Bu barada GIZ-iň Merkezi Aziýadaky sebit maksatnamasynyň direktory Torsten Bresina şu ýylyň 27 – 30-njy maýy aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça Merkezi Aziýa maslahatynyň (SAKIK 2024) çäklerinde “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Torsten Bresinanyň aýtmagyna görä, Germaniýanyň Hökümetiniň tabşyrygy boýunça “Ýaşyl Merkezi Aziýa” başlangyjynyň çäklerinde we Ýewropa Bileleşiginiň goldamagynda GIZ Türkmenistanda milli howa strategiýasyny ýerine ýetirmäge gönükdirilen maksatnamany durmuşa geçirýär. Bu maksatnama energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek we metan zyňyndylaryny azaltmak wezipelerini öz içine alýar. GIZ Türkmenistanyň Energetika ministrligi we “Türkmengaz” döwlet konserni bilen hyzmatdaşlykda gaýtadan dikeldilýän energetika pudagynda tehnologiýa çözgütleri we strategiýalary işläp taýýarlar.

GIZ-iň Merkezi Aziýadaky sebit maksatnamasynyň direktorynyň belleýşi ýaly, GIZ metan zyňyndylaryny azaltmak babatda tehnologiýa çemeleşmeleri we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri pudagynda ýerli hünärmenleri taýýarlamagy synag esasda öwrenmegi meýilleşdirýär.

Şeýle hem Torsten Bresina GIZ-iň Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýändigini we onuň geljekki ösüş üçin bu ýokary okuw jaýynda uly mümkinçilikleri görýändigini aýtdy.

Torsten Bresinanyň aýtmagyna görä, Türkmenistanda häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin Türkmenistanyň we Ýewropanyň degişli edaralarynyň hem-de işewürleriniň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak möhüm ugur bolup durýar.

Täze tehnologiýalar babatda ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrmak we synagdan üstünlikli geçen taslamalar bilen tanyşdyrmak GIZ-iň alyp barýan işiniň möhüm bölegi bolup, bu ugurlar daşary ýurt maýadarlaryny çekmek üçin berk binýady döreder.

“Ýaşyl Merkezi Aziýa” başlangyjynyň çäklerinde GIZ-iň Türkmenistanda durmuşa geçirmegi meýilleşdirýän taslamalarynyň bukjasy howa şertlerine durnukly ýerden peýdalanmak we howanyň üýtgemegi netijesinde suw serişdeleriniň azalmagyny hasaba almak bilen utgaşdyrylan suw dolanyşygy ýaly dürli maksatnamalary öz içine alýar diýip, GIZ-iň Merkezi Aziýadaky sebit maksatnamasynyň direktory belledi. Şeýle hem Torsten Bresina howa bilen bagly töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça täze maksatnamanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly döreýän suw joşmasy we gurakçylyk ýaly töwekgelçilikleriň artmagyna garşy taýýarlyk görmäge gönükdirilendigini aýtdy. GIZ bu başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirer diýip, Torsten Bresina belledi.

2022