SOCAR, BOTAŞ türkmen gazyny Türkiýä ugratmak boýunça ylalaşyga gol çekdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
SOCAR, BOTAŞ türkmen gazyny Türkiýä ugratmak boýunça ylalaşyga gol çekdiler
SOCAR we BOTAŞ kompaniýalarynyň arasynda şertnamalara gol çekmek dabarasy, 2024-nji ýylyň 4-nji iýuny

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) we Türkiýäniň çig nebit hem-de tebigy gaz daşamak we söwda etmek boýunça döwlet kompaniýasy BOTAŞ tebigy gaz bilen üpjün etmek, daşamak we üstaşyr geçirmek, şol sanda türkmen gazyny üstaşyr geçirmek boýunça birnäçe şertnamalara gol çekdiler. Bu barada Azerbaýjanyň AZERTAC agentligi sişenbe güni habar berdi.

Gol çekmek dabarasyna Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri, SOCAR kompaniýasynyň Gözegçilik geňeşiniň başlygy Mikail Jabbarow hem-de Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar gatnaşdy.

Bu resminamalar tebigy gazyň SOCAR kompaniýasynyň üsti bilen Türkiýä daşalmagyny, Azerbaýjanyň gazynyň Türkiýäniň üsti bilen Bolgariýa iberilmegini we Nahiçewan şäherine gaz ibermek boýunça hyzmatdaşlygy öz içine alýar. Gol çekilen şertnamalar türkmen gazynyň Azerbaýjanyň we beýleki ýurtlaryň üsti bilen Türkiýä daşalmagyny hem öz içine alýar.

Türkiýäniň döwlet kompaniýasy BOTAŞ şu ýylyň ýanwar aýynda türkmen gazynyň türk bazaryna eksport edilmegine goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.

2022