“Tibet Türkmen” we “Akar tekstil” obligasiýalaryny satyn almagy teklip edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Tibet Türkmen” we “Akar tekstil” obligasiýalaryny satyn almagy teklip edýär
Aşgabat gazna biržasynda geçirilýän konsultasiýalardan bir pursat, Türkmenistan

“Akar tekstil” we “Tibet Türkmen” hojalyk jemgyýetleri fiziki we ýuridiki şahslara obligasiýalaryny satyn almagy teklip edýär.

“Gymmatly kagyzlar bazary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen düzgünlere laýyklykda, bu kompaniýalaryň her biri 10 müň sany korporatiw obligasiýany çykardy we Aşgabat gazna biržasynyň (www.agb.com.tm) listing sanawyna girizdi.

Obligasiýanyň nominal bahasy 1 müň manatdan ybaratdyr. Umumy bahasy 10 million manada deň bolan jemi 10 müň sany obligasiýa çykaryldy. “Tibet Türkmen” hojalyk jemgyýetiniň obligasiýalarynyň ýyllyk göterim derejesi 6 göterime, “Akar tekstil” hojalyk jemgyýetiniňki bolsa, ýyllyk 7 göterime deňdir. Obligasiýalaryň dolanyşyk möhleti 4 ýyl bolup, göterim derejesiniň tölegi bolsa her çärýekde amala aşyrylýar. Bir şahs obligasiýalaryň iň az mukdaryny, ýagny 10 sany obligasiýa satyn alyp biler.

“Akar tekstil” “AKAR” harytlyk nyşany bilen tanalýan Türkmenistanda jorap önümlerini öndürýän iri kärhanadyr. Şol bir wagtda bolsa, “Balşeker” we “Kirpi” harytlyk nyşanlary bilen meşhur “Tibet Türkmen” hojalyk jemgyýeti süýji-köke önümleri öndürýän iň iri öndürijileriň biridir.

Taraplar obligasiýalary satyn almak boýunça soraglary bilen gymmatly kagyzlar bazaryna ýokary hünär derejesinde gatnaşyjy broker kompaniýasy bolan “Ynamly dellal” hojalyk jemgyýetine ýüz tutup bilerler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022