“Zenan telekeçiler akademiýasy” maksatnamasyna gatnaşyjylar Aşgabatda öz taslamalaryny hödürlediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Zenan telekeçiler akademiýasy” maksatnamasyna gatnaşyjylar Aşgabatda öz taslamalaryny hödürlediler
“Zenan telekeçiler akademiýasy” maksatnamasyna gatnaşyjylar öz telekeçilik taslamalary bilen tanyşdyrýarlar, 2024-nji ýylyň 8-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanda ilkinji “Zenan telekeçiler akademiýasy” (AWE) maksatnamasyna gatnaşyjylar öz telekeçilik taslamalaryny şenbe güni Aşgabatda biznes bilermenlerine hödürlediler. Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu çäre mart aýynda işe girizilen we Ykdysatçylar birleşmesi bilen hyzmatdyşlykda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan amala aşyrylan AWE maksatnamasyny jemledi.

Dabarany ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Waýda Widugiris we Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesiniň başlygy Ýuriý Aronskiý açdy.

“Biz şu ýyl Türkmenistanyň AWE-niň gatnaşyjy ýurtlarynyň 100-den gowragynyň hataryna goşulandygyna örän begenýäris. Maksatnamanyň diňe Aşgabatda däl, eýsem Amerikan burçlarynyň ýerleşýän Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerinde hem geçirilendigine aýratyn buýsanýarys” - diýip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Waýda Widugiris öz çykyşynda belledi.

“Zenan telekeçiler akademiýasy” – Döwlet departamentiniň maksatnamasy bolup, ol zenan telekeçilere üstünlikli işewürligi döretmek we ösdürmek üçin zerur bolan bilim bilen üpjün edýär.

2022