Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda jemi $11 milliardlyk taslama amala aşyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda jemi $11 milliardlyk taslama amala aşyrylýar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-koreý işewürlik maslahatynda çykyş edýär, 2024-nji ýylyň 11-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabatda geçirilen Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda häzirki wagta çenli ýurtda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolan 14 sany maýa goýum taslamasynyň bardygyny aýtdy.

“Şolaryň hatarynda “Galkynyş” gaz käninde gazy kükürtden arassalaýan zawodyň; Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşyklary; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebap ýagdaýa getirilmegi; “Hyundai” kysymly 1630 sany awtobusuň we 300 sany ýeňil taksi awtoulagynyň satyn alynmagy ýaly iri taslamalary görkezmek bolar” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.” gämigurluşyk senagaty tehnologiýa kärhanasynyň gatnaşmagynda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda iki sany gury ýük gämisiniň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dürli ugurlar boýunça 105 sany resminama gol çekildi. Şolardan 26-sy döwletara we hökümetara resminamalar, 79-sy bolsa pudagara resminamalar bolup durýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda Günorta Koreýanyň maýasynyň gatnaşmagynda 13 sany kärhananyň hasaba alynandygyny aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol duşenbe güni Aşgabatda giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirdiler we onuň netijesi boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

2022