Türkmen alymlary azyk biotehnologiýasy esasynda täze önümleri işläp taýýarlaýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen alymlary azyk biotehnologiýasy esasynda täze önümleri işläp taýýarlaýarlar
Türkmen alymlary tarapyndan iýmit tehnologiýalary barlaghanasynda kädi unundan taýýarlanylan köke önümleri

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary iýmit tehnologiýalary barlaghanasynda kädi we mäş ununy, ýumurtga tozuny, ýumurtga sarysynyň tozuny, ýumurtga agynyň tozuny we ýumurtga gabygynyň tozuny aldylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni habar bermegine görä, kädi ununy köp mukdarda beta-karotini, belogy, kletçatkany, witaminleri we minerallary özünde jemleýär. Barlaghananyň ýaş alymlary ony çörek we süýji-köke önümleriniň düzümini baýlaşdyrmak üçin ulandylar. 

Alymlar kädi ununy we ondan bişirilen kökäni azyk önümçiligine girizmegiň üstünde işleýärler. Kädi uny azyk senagatynda reňk berýän tebigy serişde hökmünde hem ulanylar.

Habarda bellenilişi ýaly, mäş ununyň düzüminde kleýkowinanyň ýokdugy, beloklara, kletçatkalara, witaminlere, mikroelementlere baýlygy we ýeterlik derejede kaloriýasynyň bolmagy bilen tapawutlanýar.

Mäş unundan bişirilen çörek önümleriniň ýokary ýokumlylygy olary keselden soňky ýagdaýda we surnukmadan adam bedenini dikeltmek üçin iýmit önümi hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu ylmy önümi ýurduň azyk senagaty kärhanalarynda durmuşa geçirmek üçin içerki telekeçilere hödürlenýär.

Şeýle hem alymlar barlaghana şertlerinde oba hojalyk mallarynyň we guşlaryň iýmitini minerallar, esasanam, kalsiý bilen baýlaşdyrmak üçin ulanyp boljak ýumurtga tozuny, ýumurtga sarysynyň tozuny, ýumurtga agynyň tozuny we ýumurtga gabygynyň tozuny aldylar.

2022