Türkmenistan Gazagystana serhetýaka sebitlerde söwda öýlerini açmagy teklip etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Gazagystana serhetýaka sebitlerde söwda öýlerini açmagy teklip etdi
Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýewiň Gazagystanyň söwda we goşulyşmak ministri Arman Şakkaliýew bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 13-nji iýuny, Astana, Gazagystan

Türkmenistan Gazagystana ýurduň serhetýaka sebitlerinde söwda öýlerini açmagy teklip etdi.

Gazagystanyň Söwda we goşulyşmak ministrliginiň penşenbe güni habar bermegine görä, bu teklibi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew Gazagystanyň söwda we goşulyşmak ministri Arman Şakkaliýew bilen Astanada geçirilen duşuşykda mälim etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň çäklerinde ministrler iki ýurduň arasyndaky söwdanyň mundan beýläk-de ösüşiniň üpjün edilmegi we onuň oňyn depgininiň saklanylmagy üçin ähli tagallalary amala aşyrmagy ylalaşdylar.

Arman Şakkaliýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň bazary gaýtadan işlenilen gazak önümleriniň eksporty üçin uly gyzyklanma döredýär, Türkmenistana eksporty giňeltmegiň kuwwaty bolsa 120,3 million ABŞ dollaryndan ybaratdyr.

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri öz gezeginde, ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmaga türkmen tarapynyň taýýardygyny nygtady.

“Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini nazara alyp, Gazagystanyň Eksport-karz agentligi («KazakhExport») söwdany uzakmöhletleýin maliýeleşdirmek we harytlaryň iberilmegi boýunça ätiýaçlandyrmak ulgamynda türkmen hyzmatdaşlaryna ýardam bermäge taýýardyr” diýip, Arman Şakkaliýew aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda “KazakhExport” ätiýaçlandyrmasyny ulanyp, demir ýol ulgamynyň maşyngurluşyk önümleriniň we beýleki ýokary tehnologiýalaryň iberilmegini ýola goýmaga Gazagystanyň taýýardygy nygtaldy.

Gazagystan we Türkmenistan özara bähbitlilik we ynanyşmak esasynda ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etdirýärler, diýlip Gazagystanyň Söwda we goşulyşmak ministrliginde bellenilýär.

2022