Türkmen ilçisi Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen ilçisi Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow bilen Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretary Ýan Sondersyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 17-nji iýuny

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow duşenbe güni Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretary Ýan Sonders bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar gümrük gulluklarynyň sazlaşykly hyzmatdaşlygynyň sebit söwdasynyň ýokarlanmagyna hem has oňaýly täsir edip biljekdigine üns çekdiler we gümrük ulgamynda hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýete eýe boljakdygyny bellediler.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, şeýle hem sebit söwdasynyň ýokarlandyrylmagynda gümrük gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk aýratyn bellenilip geçildi.

Şeýle hem türkmen ilçisi Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretaryna beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň şekili şekillendirilen türkmen el halysyny gowşurdy.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen halyçylary tarapyndan dokalan bu nepis haly Türkmenistanyň baý mirasynyň nyşany hökmünde Bütin dünýä Gümrük guramasynyň muzeýinde saklanylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022