Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde guruljak seýilgähiň taslamasy bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde guruljak seýilgähiň taslamasy bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde guruljak seýilgähiň taslamasy bilen tanyşýar, 2024-nji ýylyň 22-nji iýuny, Arkadag şäheri, Türkmenistan

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine şenbe güni amala aşyran iş saparynyň barşynda täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähiň taslamasy, onuň bezeg şekilleri bilen tanşyp, birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri behişdi bedewleriň heýkelleriniň suw çüwdürimleri bilen utgaşýandygyny belläp, seýilgähde ady rowaýata öwrülen bedewleriň heýkelleriniň oturdylmagyny, olaryň her birine degişli ýazgylarda bedewleriň taryhyna we görkezen netijelerine bagyşlanan maglumatlaryň ýerleşdirilmelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde taslamalaryň we çyzgylaryň hatarynda görkezilýän lukmançylyk klasterine degişli düzümlere berlen halkara güwänamalaryň we olaryň haryt nyşanlaryna degişli bellige alyş resminamalarynyň ähmiýetine ünsi çekip, olaryň ýurtda alnyp barylýan işleriň ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň nyşanydygyny belledi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, bu şäheriň gurluşygynyň ýokary hil derejesine laýyk gelmelidigini aýtdy.

Soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda alnyp barylýan işler, şanly senelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022